Ahalda we Aşgabatda dokma toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan 2-3 aýlyk okuwlar guralar

  • 14.03.2021 15:45
  • 13k+

Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan iri dokma toplumlaryny hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda 2-3 aýlyk okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Bilim ministrligi Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde gysga möhletli ýörite okuwlaryň meýilnamasyny işläp düzmek, bu kärhanalara zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri — tehnologlary, inženerleri we beýleki hünärmenleri seçip almak üçin degişli ýokary okuw mekdepleri bilen işleri alyp barýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygyny belledi. 
Bu ulgamda görülýän netijeli çäreler ýaş hünärmenleri çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz dokma pudagy üçin degişli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere okuw edaralaryny şu maksatlar üçin netijeli ulanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

düýn 15:44
5.4k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....

16.05.2026 09:58
7.1k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

16.05.2026 09:24
4.5k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

15.05.2026 14:43
10k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......