Gazagystanda bahar baýramçylygy “Көрісу күні” bellenilýär

  • 14.03.2021 14:11
  • 6.1k+

Şu gün, 14-nji martda gazaklarda “Көрісу” baýramy bellenilýär. “Көрісу” terjime edilende “görüşmek” diýmekdir. Bu gün ýaşaýjylar birek-biregi baharyň başlanmagy bilen gutlap, ýagşy arzuwlary aýdýarlar, ýaşululary sarpalaýarlar. Bu gadymy däp diňe Gazagystanyň günbatar sebitlerinde saklanyp galypdyr. 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem Gazagystanyň halkyny bahar baýramçylygy “Көрісу күні” bilen gutlady.

- Gadymy däp boýunça, bu gün ýaşlar ululara salam berýärler. Ak pata alýarlar. Adamlar birek-birege ýagşylyk arzuw edýärler. Bu hakyky abadançylygyň, jebisligiň we agzybirligiň baýramy – diýip, Kasym-Žomart Tokaýew ýazdy. Bu barada news.mail.ru belleýär.

Gadymy döwürlerden bäri 14-nji marty gazaklar täze ýylyň başy hasaplaýarlar. Gadymy döwürlerde, ýagny gazaklar diňe çarwa maldarçylygy bilen meşgullananda, ýazda gije-gündiziň deňleşýän gününden bir hepde öň olar mallaryny sanapdyrlar we uzak dowam eden gyşyň gutarandygyna begenip, biri-biriniňkä myhmançylyga barypdyrlar, ýitgilerdir mallaryň sanynyň artmagyny maslahatlaşypdyrlar, şeýle-de Nowruza taýýarlyk görüpdirler. Bu däp diňe Atyrau, Mangistau, Günbatar-Gazagystan sebitlerinde, Aktýubinsk sebitiniň käbir ýerlerinde saklanyp galypdyr, ýurduň beýleki sebitlerinde beýle däp ýok.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......