Russiýada möhletinden öň pensiýa çykmak düzgünlerine üýtgeşmeler girizildi

  • 12.03.2021 07:46
  • 18k+

Russiýada mugallym, lukman, uçarman we ýangyn söndüriji ýaly kärleriň eýeleri üçin möhletinden öň pensiýa çykmak düzgünleri ýönekeýleşdirildi. Degişli resminama RF-iň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada lenta.ru ýetirýär.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu kärdäki adamlaryň zähmet stažyna okuw hem-de goşmaça hünär bilim alan döwri hem goşular. Hökümetde nygtaýyşlary ýaly, şol döwürde işgärleriň iş orunlaryny we zähmet haklaryny saklap galmagy, iş berijileriň bolsa, şol döwür üçin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hökmany salgytlary geçirip durmagy zerurdyr.
Mundan öň, lukmanlaryň we mugallymlaryň zähmet stažyna diňe işlän döwri, zähmete wagtlaýyn ukypsyzlyk döwri, her ýylky we goşmaça zähmet rugsatlary, göwreli zenanyň işe girişmek döwri degişli edilýärdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......