Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna 111 dalaşgär bellige alyndy

  • 09.03.2021 16:58
  • 8.6k+

Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna 111 sany dalaşgäri bellige aldy.

Bellige alnan dalaşgärleriň 16-sy welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary, 95-si etrap, şäher halk maslahatlary tarapyndan hödürlenildi, ýurdumyzda dalaşgärleri hödürlemek boýunça mejlisleriň 55-si geçirildi.
Dalaşgärleriň ählisi erkin we deňhukukly esaslarda hödürlenildi. Olary hödürlemek we bellige almak işleri milli kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilmeginde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynda bellige alnan 111 dalaşgäriň terjimehallary «Türkmenistan» we «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde hem-de ýerli gazetlerde çap edildi.
Şeýlelikde, saýlawlar güni 48 mandat üçin 111 dalaşgär bäsleşer. Munuň özi demokratik ýörelge esasynda bir orun üçin 2-3 dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.
Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek çäreleri dalaşgärleriň bellige alnan gününden başlandy we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň tamamlanar.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......