Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk konserti geçirildi

  • 09.03.2021 16:21
  • 5.2k+

Ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni giňden dabaralandyryldy.
Düýn Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlarynyň hormatyna baýramçylyk konserti geçirildi. Onda meşhur estrada aýdymçylary, dürli aýdym-saz we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri çykyş edip, gelin-gyzlary mübäreklediler.

Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň artistleri, “Dokmaçylar”, “Serpaý”, “Galkynyş” folklor toparlary, “Meňli” tans topary aýdym-sazly çykyşlaryň dabarasyny belende göterdiler.
Bu ýerde guralan dabara köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri we dürli pudaklarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Şeýle hem baýramçylyk dabarasyna daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara düzümleriň zenan wekilleri çagyryldy. 

düýn 16:35
3.2k+

Gülgüne reňkli ýaprak çekirtge bolup çykdy: Panamanyň jeňňellerinde duş gelýän adaty bolmadyk kamuflýaž

Panamanyň tropiki tokaýlarynda edilen açyş alymlary tebigatyň tanyş maskirowka mehanizmlerini täzeden gözden geçirmäge mejbur etdi. Adatça hemme zadyň ýaşyl reňkde bolýan ýerinde birden açyk gülgüne "ýaprak"......

düýn 16:22
3.9k+

Tramp Maýamide özüniň gökdirän kitaphanasynyň taslamasyny hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Maýami şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän prezident kitaphanasynyň we muzeýiniň taslamasyny tanyşdyrdy. Emeli aňyň kömegi bilen döredilen suratlar we wideo onuň «Truth Social»......

düýn 15:50
2.3k+

Netflix Ronaldinýo barada serial çykarar

Netflix striming platformasy ähli döwürleriň iň beýik futbolçylarynyň biri bolan braziliýaly Ronaldinýo barada dokumental serial taýýarlaýar. Bu barada kompaniýa özüniň sosial ulgamynda habar berdi....

düýn 15:46
1.2k+

18 müňden saýlananlar: «Memorial Maria Luisa Awards 2026» baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

«Memorial Maria Luisa Awards 2026» halkara bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri mälim etdi. Şu ýyl 36-njy gezek geçirilýän bu bäsleşik tebigat, daglar we başdan geçirmeler mowzugyndaky suratlara bagyşlandy....