TmCars: Halkara zenanlar güni bilen gutlaýarys!

  • 08.03.2021 17:01
  • 39k+

Mähriban eneleri, hormatly gelin-gyzlary Ýer ýüzüni läle-reýhana büreýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Halkymyz zenan mertebesine hemişe uly gadyr goýýar. Dünýäniň iň gözel, gymmatbaha hem-de ýakymly-gowy zatlaryny zenana deňeýär. ‘’Enäni begendirmek - dünýäni begendirmek’’ diýip düşünýär. Olary sylamak, hormatlamak iň haýyrly amallar hökmünde ýatlanylýar. Eneler - halkymyzyň beýik terbiýe mekdebiniň ussatlary, gelin-gyzlarymyz bolsa ýüreklere ylham hem-de joşgun paýlaýan nepis el hünärleriniň eýeleridir. Olar sungat, döredijilik hem-de hünär kämilliklerini durmuşyň bagtyýarlygyna öwrüp, maşgala ojagynda azgybirligiň berkemegine, rysgal-bereketiň giňelmegine uly goşant goşýarlar. Döwrümizde, döwletimizde hem-de jemgyýetimizde zenanlara goýulýan hormat-sarpa bimöçberdir. 
TmCars mähriban eneleri, hormatly gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýar. Goý, Siziň durmuşyňyz, geljegiňiz-görjegiňiz bahar pasly ýaly hemişe owadan bolsun! Janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, maşgala ojagyňyza agzybirligiň höküm sürmegini, rysgal-döwleti we bagtyýarlygy arzuw edýäris! Hemişe we her bir işde şowlulyk hemraňyz bolsun, mähriban zenanlar! 
Hemişe biziň bilen boluň, çünki TmCars hemişe siziň üçin yhlas edýär!

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......