«Sputnik V» sanjymy tassyklan ýurtlaryň sany boýunça dünýäde ikinji boldy

  • 06.03.2021 16:54
  • 14k+

Russiýanyň koronawirusa garşy “Sputnik V” sanjymy  dünýäniň 45 ýurdunda tassyklandy, bu görkeziji şuňa meňzeş derman serişdeleriniň arasynda ikinji orunda durýar diýip, vedomosti.ru habar berýär.

Häzirki wagtda “Sputnik V” kadalaşdyryjylar tarapyndan tassyklamalaryň sany boýunça dünýäde koronawirusa garşy ikinji meşhur sanjymdyr” – diýip, ony taýýarlaýjylar habar berdi.

4-nji martda rus sanjymynyň ulanylmagyny tassyklan 45-nji ýurt Yrak boldy.
Derman serişdesini ulanmaga razy bolan döwletleriň sany boýunça dünýäde birinji orny 49 ýurtda ygtyýarnama berlen AstraZeneca sanjymy, üçünji orny Pfizer amerikan kompaniýasynyň sanjymy eýeleýär (43 ýurt). Onuň yzyndan Moderna sanjymy (19 ýurt), şeýle-de üç sany hytaý sanjymy – Sinopharm (18), Sinovac (16), CanSino (4) gelýär. Sekizinji orunda Johnson & Johnson sanjymy ýerleşýär, ony dört ýurt tassyklady.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......