Ronaldumy ýa-da de Ligt? — «Ýuwentus» çykgynsyz ýagdaýda

  • 06.03.2021 07:12
  • 18k+

«Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu klub bilen täze şertnama baglaşmak isleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ol turin toparynda özüni rahat duýýar we şertnamanyň möhletiniň ýene bir möwsüm uzaldylmagyny soraýar. Muňa garamazdan, klubuň ýolbaşçylygy oňa teklip etmäge howlukmaýar diýip, matchtv.ru habar berýär.

Eger-de Kriştianu Turinde ýene bir-iki ýyl galsa, bu döwürde onuň bahasy ep-esli pese düşer. Şol bir wagtyň özünde Ronaldu “Ýuwentusda” uly aýlyk almagyny dowam etdirer. Klub ony maliýe çökgünligi döwründe saklap galmagyň maksadalaýykdygyna şübhelenýär. 
Oýunçynyň ýylda 31 mln ýewro aýlygy hem koronawirus pandemiýasy sebäpli kynçylyklara sezewar bolýan klubuň maliýe ýagdaýyna düýpli täsir edýär. 
Ronaldunyň geljeginiň “Ýuwentusyň” goragçysy Matteýs De Ligtiň ykbalyna täsir edip biljekdigi bellenilýär. Eger-de portugaliýaly oýunçy klubda galsa, “Ýuwentus” satuw üçin uly transfer etmäge mejbur bolar. 21 ýaşly gollandiýaly 100 mln ýewrodan gowrak girdeji getirip biljek ýeke-täk oýunçydyr.
Ronaldunyň “Ýuwentus” bilen häzirki şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylda tamamlanýar. De Ligtiň şertnamasy 2024-nji ýyla çenli niýetlenen.

düýn 11:51
3.5k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

düýn 11:31
2.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

düýn 10:24
4.5k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.5k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....