Will Smit ABŞ-nyň Prezidentligine dalaş edip biler

  • 05.03.2021 19:25
  • 16k+

Holliwudyň aktýory Will Smit ýakyn wagtda ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edip biljekdigini belleýär. Muny ol “Pod Save America” podkastynda aýtdy diýip, popcornnews.ru habar berdi.

Smit jynsparazlyga garşy göreşmek bilen baglanyşykly işleri bilen tanalýar we ol sosial adalaty gazanmagy maksat edinýär. Ýakynda Netflix-de "Düzediş: “Amerika üçin söweş” dokumental filmi çykdy. Will Smit bu filmiň awtory we prodýuseri boldy. Filmde ABŞ-nyň konstitusiýasyna 14-nji düzediş we sosial adalat barada gürrüň berilýär.

“Mende şahsy garaýyş diýen zat bar. Men gowulygyň tarapdary, gowulyga, adamlaryň arasyndaky ynanyşmaklyga we sazlaşyga ynanýaryn. Men özüme düşen keşbi aňry-ýany bilen ýerine ýetiren. Goý, ol keşp aktýorlyk ýa syýasy keşp bolubersin"-diýip, Smitiň aýdan sözlerini Hollywood Reporter getirýär.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......