Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 300-den gowrak dalaşgär bar

  • 03.03.2021 23:51
  • 6.4k+

Norwegiýanyň Nobel komiteti 2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 329 dalaşgäri hasaba alandygyny habar berdi diýip, golosameriki.com belleýär.

Osloda ýerleşýän bu gurama taryhda şu ýylyň dalaşgärleriň sany boýunça üçünji orunda durýandygyny aýtdy. 2016-njy ýylda rekord sany 376 dalaşgäre ýetdi. Şu ýyl dalaşgärleriň arasynda 234 adam we 95 gurama bar. 

“Bu Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna halkara derejesinde uly gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär. Şeýle-de, bu dünýäde çözülmedik birnäçe dawalaryň, uruşlaryň we adam hukuklary bilen bagly meseleleriň bardygyny hem görkezýän bolsa gerek” – diýip, Norwegiýanyň Nobel komitetiniň sekretary Olaw Nýolstad belledi.  

Komitet dalaşgärleriň sanawyny mälim etmeýär. Ýöne belli bolan dalaşgärleriň arasynda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp, giýewsi Jared Kuşner we Kuşneriň Ak öýde orunbasary Awi Berkowis bar. Olar Ysraýyl bilen birnäçe arap ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak barada ylalaşyk gazanmakda alyp baran hyzmatlary üçin bu baýraga dalaşgär görkezildi.
2021-nji ýylyň laureatlary oktýabr aýynda yglan ediler.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......