Türkmenistanda «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 03.03.2021 19:46
  • 26k+

2-nji martda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolup, döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan dürli kärdäki zenanlaryň 42-si gatnaşdy.

Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi. Netijeler şulardan ybarat:
«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça gatnaşyp, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany»;
«Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany»;
«Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;

«Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany»;
«Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany»;
«Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň kiçi saglygy goraýyş işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;
«Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany».

«Ýylyň zenany» bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

düýn 23:23
659

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

düýn 17:11
1.2k+

Rimde iňlis dilinde ýazylan VII asyra degişli iň gadymy goşgynyň nusgasy tapyldy

Rim şäheriniň Milli merkezi kitaphanasynda VII asyrda döredilen we iňlis dilinde şu güne çenli saklanyp galan iň gadymy şygyr bolan «Kedmonyň senasynyň» ozal näbelli bolan golýazmasy tapyldy. «The Guardian»......

düýn 15:54
3.2k+

Dubaýda 9,25 milliard dollarlyk «Altyn liniýa» gurulýar: metro ulgamy 25% giňeler

Dubaýda bahasy 9,25 milliard dollara barabar bolan metronyň täze «altyn liniýasynyň» gurluşygy yglan edildi. Bu taslama barada emirligiň häkimi şeýh Muhammed bin Raşid Al Maktum habar berdi....

düýn 15:06
1.1k+

Totyguşlaryň adamlara ýörite yşaratlar arkaly ýüzlenýändigi anyklandy

Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar....