Antoniu Guterriş yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

  • 03.03.2021 17:10
  • 9.8k+

2-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: Parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, Maslahatyň barşynda BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatyna gatnaşyjylara ýollan Ýüzlenmesini okady. 
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş «Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli gutlamaga şatdygyny» belläp geçdi. «Türkmenistan möhüm agza-döwlet bolmak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly Guramanyň maksatlaryna ýetmek işinde açyk we işjeň ähmiýetli orun eýeleýär», diýip BMG-niň Baş sekretary sözüni dowam etdi.
Ol şeýle-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurtda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýerleşdirilmegi hem-de döwletiň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürýän köpsanly başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasy – biziň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna alyp barýan umumy ymtylyşlarymyza ähmiýetli goşant goşýar. Men yzygiderli tagallalary üçin Türkmenistana minnetdarlygymy bildirýärin  we şu şanly sene mynasybetli mähirli gutlaýaryn» diýip, aýratyn belledi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......