Serbiýada uzynlygy iki kilometre barabar şöhlat taýýarlanyldy

  • 03.03.2021 19:27
  • 11k+

Uzynlygy iki kilometrden gowrak bolan rekord derejedäki şöhlat her ýyl geçirilýän «Kobasicijada» festiwaly üçin Serbiýanyň Turia obasynda taýýarlanyldy. Gastronomiýanyň bu täsinliginiň agramy iki tonnadan gowrak çykdy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Festiwal bu gezek koronawirus sebäpli ozalkysy ýaly geçirilmedi, ýöne onda ilkinji gezek haýyr-sahawata orun berildi. Mundan ozal festiwalyň her myhmany bu tagamyň bir bölegini satyn alyp bilýärdi. Bu ýyl bolsa şöhlat bölüşdirilip, garyp-gasarlara ýetirmek maksady bilen haýyr-sahawat guramalaryna berildi.

"Festiwalyň şu ýylky maksadynyň ähmiýetini bellemek isleýärin. Ginnese giren şöhladymyzyň ynsanperwerlik maksatlary üçin taryhda ilkinji gezek beriljekdigi we bu kyn günlerde muny etmäge hem-de şöhlady mätäçlere paýlaşmaga güýç tapandygymyza begenýärin"-diýip, Sputnik gullugy etrap häkimi Radiwa Debelýaskiniň sözlerini getirdi.

Turianyň şöhlady 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girdi. Şondan bäri ol her ýyl bir metr uzaldyldy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......