Türkmenistanda ýolagçy demir ýol gatnawlaryna täze düzgünler girizilýär

  • 02.03.2021 15:42
  • 84k+

Türkmenistanda ýolagçy demir ýol gatnawlaryna täze düzgünler girizilýär. Bu düzgünler sebitde we dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologik şertlerde arassaçylyk-öňüni alyş talaplaryny berjäý etmäge mümkinçilik berýär. Bu düzgünler barada Lebap welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy «Türkmen gündogary» gazetinde bildiriş ýerleşdirdi.

Täze düzgünler ýolagçylara bolşy ýaly, hyzmat edýän işgärler düzümine hem degişlidir. 
Ýolbeletler otlynyň ugramazyndan 6 sagat öň, otly soňky stansiýa baryp, ýolagçylar düşenden soň hem-de onuň hereket edýän döwründe her 3-4 sagatdan zyýansyzlandyryş çärelerini geçirip durmaly.
Türkmenabatdan Aşgabat şäherine ugrajak raýatlar demir ýol menzilinde gurnalan içki migrasiýa seljeriş toparyna ýüz tutup, COVID-19 ýokanjyna barlanmak üçin şol ýerdäki lukmançylyk otagynda nusgalyk tabşyrmaly. Barlagyň jogaby hem şol ýerde berilýär.
«Aşgabat şäherine gelýän we welaýatlara gatnaýan ýolagçylaryň hereketiniň Tertibine» laýyklykda, her bir ýolagçyda soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagy barada tassyknama bolmaly. Kepilnamasy bolmadyk we gyzgyny 37 derejeden geçýän ýolagçylara otla münmäge rugsat berilmez. Türkmenabatda bu tassyknama 4-nji Saglyk öýünde berilýär.
Otla münmezinden ozal demir ýol menziliniň degişli saglygy goraýyş nokadynyň işgärleri tarapyndan her bir ýolagçynyň bedeniniň gyzgynlygy ölçeniler, onuň burun boşlugyna oksolin melhemi çalnyp, elleri zyýansyzlandyrylar. Ýolagçylardan demir ýol menzillerinde, stansiýalarda we otluda agyz-burun örtüklerini ulanmak, kesgitlenen aralygy saklamak bilen jemgyýetçilik gigiýenasynyň düzgünlerine berk eýermek talap ediler.
Küpelerdäki ýolagçylaryň sany iki esse azaldylar.
Meýilleşdirilýän ugurlarda otlularyň ýol ugrundaky stansiýalarda durman we säginmän geçmegi göz öňünde tutulýar. Gatnaw dowam edýän wagtynda ýolbeletler ýolagçylaryň bellenen talaplara eýermegine gözegçilik ederler. Bu işe ulaglardaky polisiýa işgärleri hem goldaw berer.
Ozal hem habar berlişi ýaly, gatnaw Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça hepdäniň çarşenbe güni, Türkmenabat — Aşgabat ugry boýunça penşenbe güni gurnaldy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......