Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy

  • 01.03.2021 21:14
  • 10k+

"Hyundai" üçeginde Gün paneli bolan Ioniq 5 elektrik ulagyny tanyşdyrdy. Bu Gün batareýasy ulaga passiw zarýad berýär diýip, ferra.ru habar berdi.

Şeýle hem onda bir zarýadda 480 kilometre çenli üpjün edip bilýän batareýa bar. Elektrikli awtoulag çalt zarýad bermegi hem goldaýar - 10%-den 80%-e çenli 18 minutda zarýad berip bolýar.
Ioniq 5 "Hyundai"-iň ilkinji elektrik ulagydyr. Ondan öň kompaniýa adaty modelleriň elektrik görnüşlerini öndürýärdi. Täze ulag Gün panelli üçegi bilen hem tapawutlanýar - ony satyn alnanda saýlap bolýar. Panel 46 aýry segmentden ybarat. Gynansagam, "Hyundai" Gün batareýasynyň näçe energiýa öndürip biljekdigini aýtmady. Žurnalistler bu paneliň 210 watt sagat energiýa öndürmäge ukyplydygyny ýazýarlar.
Ioniq 5 beýleki ulaglara ýa-da enjamlara hem zarýad berip biler. Täze ulagyň satuwy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda başlar.

düýn 09:56
2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....