Ýagşylyk etmegiň saglyk üçin peýdalydygy anyklanyldy

  • 28.02.2021 10:15
  • 13k+

Kanadaly alymlar ýagşy amallar bilen adam saglygynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmek üçin ýörite synag geçirdiler. Onuň netijesinde, ýagşylyk adam bedeni üçin peýdaly bolup çykdy. Bu barada news.rambler.ru habar berdi.

Ylmy barlaga iki topara bölünen 24 töweregi mekdep okuwçysy gatnaşdy. Birinji topardaky ýetginjeklere iki aýlap kiçi okuwçylara kömek etmek tabşyryldy, ikinji topardakylar üçin bolsa munuň zerurlygy ýokdy. Netijede, başgalara ýagşylyk eden we ondan lezzet alýan gatnaşyjylaryň gan basyşynyň pesdigi anyklandy. Barlagçylaryň pikiriçe, bu netije gipertoniýa garşy gerdejikleriň (tabletkalaryň) täsiri bilen deň hasap edilýär.
Şeýle synagy kaliforniýaly alymlar hem geçirdiler. Onuň çäginde meýletinçilerden belli bir wagt aralygynda ýagşy işleri etmek haýyş edildi. Netijede, bu hereketleriň çişme prosesi bilen baglanyşykly leýkosit genleriniň işjeňliginiň peselmegine sebäp bolandygy ýüze çykdy.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......