"YouTube"-da tölegli el çarpyşmalar peýda bolar

  • 28.02.2021 08:11
  • 9.2k+

Ýer togalagynyň iň uly wideo platformasy bolan “YouTube” geljek üçin taýýarlaýan meýilnamalaryny paýlaşdy. Görnüşi ýaly, "Google" oňa köp üýtgetmeler girizmekçi. Olaryň biri täze funksiýa — tölegli el çarpyşmalar bolar diýip, secretmag.ru belleýär.

"TechCrunch"-yň habar bermegine görä, olaryň kömegi bilen ulanyjylar mazmunyň (kontentiň) awtorlaryna "sag bolsun" aýdyp bilerler. Degişli nyşan "Like" we "Dislike" düwmeleriniň gapdalynda ýerleşer. Şol bir wagtyň özünde her bir ulanyjy üçin çykdajy çäkleri bolar: günde 500 dollar we hepdede 2000 dollar.
Häzirki wagtda Awstraliýadan, Braziliýadan, Hindistandan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Meksikadan, Täze Zelandiýadan we ABŞ-dan käbir ulanyjylar täze funksiýadan peýdalanyp bilerler. Tölegli el çarpyşmalaryň heniz beta-barlag tapgyryndadygyny bellemelidiris.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......