25-nji maýda Aşgabatda ilkinji doglan çagalara ýörite sowgatlar gowşurylar

  • 27.02.2021 17:36
  • 53k+

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramynyň çäklerinde, 25-nji maýda paýtagtymyzda ilkinji dünýä inen çagalaryň maşgalalaryna Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşurylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.
Türkmen Lideri täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......