Kimlere koronawirusa garşy sanjym etmek bolmaýar?

  • 26.02.2021 19:43
  • 39k+

Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym üçin garşy görkezilen täze görkezmeler neşir edildi diýip, evo-rus.com saýty hususy çeşmesine salgylanyp habar berýär.

RF-iň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, immuniteti ýok ediji dermanlary kabul edýän raýatlara howply kesele garşy sanjym etmek bolmaýar. Mysal üçin, bular belli bir autoimmun patologiýalary, onkologiýa keselleri wagtynda kabul edilýän dermanlardyr.
Sanjym inçekesel, gepatit B ýa-da C, AIW, sifilis keseli bolan hassalar üçin hem howply bolup biler. Häzirki wagtda ýokanç we ýokanç däl keselleri bar bolan adamlara-da “Sputnik V” sanjymy goýberilmeli däldir. Diňe doly gutulandan bir aý geçensoň, sanjym etmek maslahat berilýär.
Eger-de adam soňky ýylyň dowamynda ýiti koronar sindromyny ýa-da insulty başdan geçiren bolsa, oňa sanjym almak bolmaýar. Edarada bellenilişi ýaly, onkologiýa we autoimmun keselleri bolan syrkawlar immun ulgamyny ýok ediji dermanlary kabul etmeseler hem, sanjym almaly däldirler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......