Türkmen alabaýynyň baýramy resmi taýdan döredildi

  • 26.02.2021 16:54
  • 24k+

Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün eder.
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmen alabaýynyň baýramynyň dabaraly ýagdaýda bellenip geçilmegine ýardam berer.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......