Ärdogan türkmen kärdeşini YHG ýurtlarynyň Liderleriniň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

  • 26.02.2021 17:08
  • 18k+

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy «COVID-19-dan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» diýen at bilen YHG ýurtlarynyň Liderleriniň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti türkmen Liderine iberen hatynda belläp geçýär.

Sammit 2021-nji ýylyň 4-nji martynda onlaýn görnüşde geçiriler.
Bellenilişi ýaly, munuň özi, ilkinji nobatda, COVID-19 ählumumy pandemiýasy bilen baglylykda, 2020-nji ýylda bolup geçen wakalary hem-de pandemiýadan soňky döwürde ykdysady taýdan täzeden dikeldiş boýunça ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Belläp geçsek, sammitiň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek Türkmenistana geçiriler.
Hatyň ahyrynda Ärdogan türkmen Liderine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......