Bütindünýä döwlet bergisi ýakyn wagtda 300 trln dollara ýetip biler

  • 24.02.2021 22:33
  • 13k+

Amerikanyň Halkara maliýe institutynyň (IIF) hünärmenleri geljek 15-18 aýyň dowamynda dünýä bergisiniň goşmaça 19 trln dollar artyp biljekdigini çaklaýarlar diýip, rueconomics.ru habar berýär.

Dünýä bergisi ähli ýurtlaryň ilatynyň, kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň we hökümetleriniň bergilerini öz içine alýar. IIF-iň hünärmenleri tarapyndan öň hasaplanylyşy ýaly, 2020-nji ýylda bu görkeziji birbada 24 trln dollar ýokarlandy we ähli gözegçiligiň dowamynda ilkinji gezek 281 trln dollara ýetdi.
Häzirki wagtda bu görkeziji dünýä ykdysadyýetiniň göwrüminden 3,5 esse ýokarydyr. Karzyň jemi içerki önüme gatnaşygy 35% ýokarlanyp, global JIÖ-niň 355 göterimine deň boldy. Hökümetler tarapyndan karzyň göwrümi 12 trilliondan 82 trillion dollara çenli ýokarlandy.
Halkara maliýe institutynyň hünärmenleri şu ýyl hökümetleriň karz derejesiniň 92 trln dollara çenli ýokarlanyp biljekdigini çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde artýan döwlet bergilerine hyzmat etmegiň zerurlygy ýurtlaryň býujetine düşýän agramy ýokarlandyrar. Netijede, bir ýarym ýylyň içinde dünýä bergisiniň bahasy 300 trln dollara çenli ýokarlanar.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň (JIÖ-iň 372%-i), Ýewropa zolagynyň ýurtlarynyň (422%), Beýik Britaniýanyň (506%) we Ýaponiýanyň (557%) bergi agramy ýokarydyr. Mundan başga-da, köp mukdarda bergi Günorta Koreýada hem bar (363%).

şu gün 15:48
2.5k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
4.1k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......