Gökdepe etrabynda 600 baş bedew üçin niýetlenilen täze athana gurlar

  • 23.02.2021 18:53
  • 7.2k+

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler dörediler. 

Meýilleşdirilen toplumyň taslamasyny wise-premýer E.Orazgediýew iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem wise-premýer şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Mary welaýatynda geçirilýändigini nazara alyp, Mary atçylyk sport toplumynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi we ýerine ýetiriljek işleriň gerimine degişli birnäçe çyzgylary we taslamalary görkezdi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde geçirilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......