Gulaklykda aýdym diňlemegiň näme zyýany bar?

  • 23.02.2021 20:14
  • 19k+

Gulaklygyň sesiniň iň ýokary derejesi diňlemek üçin maslahat berilýän derejeden on esse güýçlüdir. Eger-de siz iň gaty sesinde rok däl-de, hatda nusgawy aýdym-sazlary diňleseňiz hem, özüňize bejerip bolmajak zyýan ýetirýärsiňiz diýip, health.mail.ru duýdurýar.

Gulaklyk saglyga nädip zyýan ýetirýär?
Gulaklyklar hem edil benzopila hem-de motosikl ýaly, eşidişiňize ep-esli derejede zeper ýetirip biler.  Benzopila we motosikl, takmynan, 100 desibel ses çykarýar. Şeýle güýçli ses ýarym sagadyň içinde adamyň eşidişine zeper ýetirip biler.
Iň gaty sesiň 70%-inde gulaklykdaky saz 85 desibel töweregidir. Sesiň gatalmagy we uzak wagtlap diňlemek sizi eşidişiň hemişelik ýitmegi ýaly hakyky howp astynda goýup biler. Häzirki wagtda bu çagalar we ýetginjekler üçin barha çynlakaý meselä öwrülip barýar.

Ses nädip eşidişiň ýitmegine sebäp bolýar?
Gulagyň sesleri gaýtadan işlemek üçin bilelikde işleýän üç bölegi bar: daşky gulak, orta we içki. Içki gulagyň ulitka diýilýän böleginde beýnä ses habarlaryny ibermäge kömek edýän kiçijik tüýli öýjükler bar. Gaty ses bu öýjüklere zeper ýetirip biler. Şeýle bolanda, ulitka beýnä ses habarlaryny iberip bilmeýär. Içki gulaga zeper ýetse, ony bejerip bolmaýar. Wagtyň geçmegi bilen bu öýjükler zaýalananda, eşidiş ýaramazlaşýar.

Eşidişe zeper ýetirmezlik üçin näme etmeli?
Gulaklyk sebäpli eşidiş ýitgisi kem-kemden ýüze çykýar - köp adam ony aşa giç bolýança aňşyrmaýar. Şonuň üçin lukmanlar 60%/60 minutlyk düzgüni maslahat berýärler: aýdym diňläniňizde, film göreniňizde ýa-da wideo oýunlaryny oýnanyňyzda sesi 60%-inden gaty goýmaň we gulaklykda geçirýän wagtyňyzy 60 minut bilen çäklendiriň.
Ýene bir usul: ýanyňyzda oturan adamlardan gulaklykdaky aýdym eşidilýärmi diýip soraň. Eşidilýän bolsa, onda bu eşidişiňize zeper ýetmek howpunyň alamatydyr. Sesi daş-töweregiňizdäkileriň eşitmejek derejesine çenli peseldiň.
Eşidişiň ýitmegi gulaklyklaryň döredip biljek ýeke-täk meselesi däl. Gulaklyk dakynyp, ýoldan barýan adamyň heläkçilige uçramak ähtimallygy ýokarydyr.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......