Gyrgyzystan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

  • 23.02.2021 17:34
  • 5.3k+

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy (GMRG) Gyrgyzystanyň koronawirusa garşy «Sputnik V» sanjymyny bellige alandygyny tassyklady. Gyrgyzystan Merkezi Aziýa sebitinde bu sanjymy resmi taýdan bellige alan dördünji ýurt boldy.

«Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş we durmuş taýdan ösüş ministrliginiň ýanyndaky Derman we lukmançylyk enjamlary bölümi koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak üçin birleşdirilen wektor sanjymy bolan «Sputnik V» sanjymy üçin hasaba alyş şahadatnamasyny berdi» — diýip, RIA Nowosti edaranyň metbugat beýanatyna salgylanyp belläp geçýär.

Bellenilişi ýaly, sanjymyň hasaba alynmagy ýurduň ilatynyň saglygyny goramaga we koronawirus ýokançlygynyň öňüni almaga mümkinçilik berer.
GMRG-niň bellemegine görä, «Sputnik V» koronawirusa garşy ykrar edilen sanjymlaryň dünýä döwletleri tarapyndan makullanan üçlügine girýär.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistan Merkezi Aziýada «Sputnik V» sanjymyny resmi taýdan bellige alan ilkinji ýurt boldy.

düýn 23:14
3k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....