Türkmen mekdep okuwçysy taslama çykyşy bilen 2 million won gazandy

  • 21.02.2021 15:52
  • 48k+

Türkmenistandan mekdep okuwçysy Şükürgeldi Myradow Parahatçylyk boýunça ýaşlar baýragynyň (Youth Peace Prize) Gran-prisine eýe boldy. Ol Günorta Koreýanyň Phençhan şäherinde geçirilen “PyeongChang Peace Forum” (Parahatçylyk forumy-2021) taslamasynyň çägindäki köpçülikleýin çykyş bäsleşigine gatnaşdy.

Forumyň gün tertibine BMG-niň çygrynda ýaşlaryň arasynda parahatçylygy goramak we ösdürmek meseleleri girdi. 11-nji synp okuwçysy Şükürgeldi parahatçylygy goraýyş meselelerini ösdürmäge gönükdirilen tezisleri bilen çykyş edip, pikirlerini durmuşa geçirmek üçin 2 million won möçberinde esasy baýragy aldy.
Mundan başga-da, oňa durnukly ösüş maksatlary (DÖM) we adam hukuklary ugrundan tejribäni ýokarlandyrmak boýunça okuwa çakylyk gowşuryldy.
Şükürgeldi Aşgabatda ýaşaýar we okaýar hem-de meýletin çärelere işjeň gatnaşýar. Ol bäş daşary ýurt dilini bilýär. Ol eýýäm Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymy we Y-PEER ýaşlar ulgamynyň jogapkär koordinatorydyr (Focal Point in Charge).

“Parahatçylygy ýola goýmak, oňa ýaşlaryň gatnaşmagy we medeniýet gatnaşyklaryny ösdürmek mowzugy maňa örän ýakyn boldy we meniň pikirimçe, bu ýeňşimiň sebäpleriniň biri bolmaly. Mümkinçilikleri ösdürmek maksatnamasy ELSAH-da (Empower Leadership for SDGs and Human Rights) toplanan tejribe meselä DÖM-iň prizmasy arkaly çemeleşip, meniň habarymy anyk düzmäge mümkinçilik berdi” – diýip, Orient habarlar gullugy Şükürgeldiniň sözlerini getirýär.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......