Alyjylaryň pikiri boýunça iň gowy awtomobiller belli edildi

  • 21.02.2021 00:10
  • 36k+

“Consumer Reports” neşiri dürli kategoriýalarda iň gowy 10 awtomobilden ybarat bolan ýyllyk reýtingini çykardy. Top-10 ulag eýelerinden pikir soraşmanyň esasynda we abraýly hünärmenleriň pikirini göz öňünde tutmak bilen düzüldi diýip, njcar.ru habar berýär.

Consumer Reports analitikleri her ýyl amerikan bazaryndaky 250-den gowrak ulag modeline baha berýärler. Awtomobiller esasy dört ölçeg boýunça bahalandyrylýar: ygtybarlylyk, howpsuzlyk, şeýle-de ulag eýeleriniň kanagatlanyş derejesi we ulagyň ekologiýa düzgünlerine laýyk gelşi.
Şeýlelikde, ykjam awtomobil kategoriýasynda Toyota Corolla sedany ýeňiji boldy, Mazda CX-30 ýangyjy az harçlaýan iň gowy krossower hökmünde bellendi. Toyota Prius gibrid segmentinde ýeňiş gazandy. Iň gowy orta göwrümli sedan kategoriýasynda birinji orny Toyota Camry eýeledi.
Subaru Forester bassyr sekizinji gezek iň gowy ykjam krossower diýlip ykrar edildi, adaty ýoldan daşary uniwersallaryň segmentinde Subaru Outback ýeňiji boldy. Üç hatar doly ölçegli SUV kategoriýasynda birinji orny Kia Telluride, kiçi pikaplaryň arasynda birinji orny Honda Ridgeline eýeledi.
Lexus RX iň gowy orta göwrümli premium krossoweri boldy, Tesla Model 3 bolsa elektromobilleriň arasynda birinji orny eýeledi.
Şeýle-de, şu ýyl markalaryň arasynda ýeňijiler Mazda (80 bal) bilen BMW (78) boldy. Reýtingiň üçünji ornuny Subaru (76) bilen Porsche (76) paýlaşdy. Honda kompaniýasy 10 punkt ýokary galyp, Lexus brendi bilen bäşinji orny paýlaşdy. Iki marka hem 75 bal gazandy.

şu gün 09:56
1.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....