Microsoft kompaniýasy Office 2021-i resmi taýdan tanyşdyrdy

  • 20.02.2021 16:22
  • 4.7k+

Microsoft kompaniýasy Office-iň iki resmi wersiýasyny - sarp edijiler üçin Office 2021-i we işewürlik üçin Office LTSC-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu barada news.rambler.ru habar berdi.

Täze programma üpjünçiligi şu ýylyň ahyrynda Windows we macOS üçin elýeterli bolar. Täzelikleriň möhüm aýratynlygy - olary abuna ýazylmazdan ulanyp bolýandygynda diýip, çeşme belleýär.
Kompaniýa Office 2021-iň aýratynlyklaryny we üýtgeşmelerini doly açyp görkezmedi, ýöne Office LTSC-iň garaňky režim, dinamiki massiwler we beýleki täzelikler üçin goldaw aljakdygy mälimdir. Şeýle bolansoň, ulanyjy interfeýsinde çynlakaý üýtgeşmelere garaşylmasa hem bolar.
Office LTSC indi ýedi däl-de, diňe bäş ýyl ulanylar. Office Professional Plus we Office Standard üçin işewürlik bahalary 10% ýokarlanar. Office 2021-iň sarp ediji wersiýasynyň bahasy öňküligine galar.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......