ЕКА maýyplygy bolan adamlary kosmosa ibermegi meýilleşdirýär

  • 19.02.2021 16:27
  • 7.8k+

Ýewropa kosmos agentligi (EKA) maýyp adamlary kosmosa ibermek mümkinçiligi bolan “Parastronawt” taslamasyny işe girizendigini mälim etdi. Bu barada ferra.ru habar berýär.

"EKA ýokary taýýarlykly bu hünärmenleriň howpsuz we peýdaly kosmos missiýalarynda ekipaž agzalary bolup işlemegine mümkinçilik bermek üçin kosmos enjamlarynyň zerur uýgunlaşmalaryny kesgitlemäge maýa goýmaga taýýar" diýlip, Agentligiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Bu maksatnama kosmos syýahatyny has ygtybarly etjek we aňsatlaşdyrjak täze gurallary döretmegiň açary bolup biler. Mundan başga-da, agentlik halkara kosmos stansiýasyna iberilýän aýallaryň hem sanyny artdyrmak isleýär.
Taslama gatnaşmak üçin 31-nji martdan 28-nji maý aralygynda EKA-nyň resmi web sahypasynda arza berip bolar. Netijeler, 2022-nji ýylda yglan ediler. Agentlik programmanyň kömegi bilen 26 sany täze hemişelik we ätiýaçlyk kosmonawt tapmagy maksat edinýär.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......