Saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi

  • 18.02.2021 23:08
  • 4.2k+

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde meşhur koreý alymlarynyň, professorlarynyň, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn teleköpri görnüşinde saglygy goraýyş boýunça II türkmen-koreý maslahaty geçirildi.

Döwlet Baştutany saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý gatnaşyklaryna badalga berip, ony milli lukmançylyk işine täzeçil öňdebaryjy tehnologiýalaryň, keselleri anyklamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirýär. 
Iş maslahatynyň dowamynda bu ugurda alnyp barlan işlere baha berildi. COVID-19 -a garşy hereket etmek bilen baglylykda, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we umuman, adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak we olara täsir etmek, pandemiýadan soňky täzeden dikeldiş babatdaky wezipeleri çözmek boýunça görlen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda ylmy diplomatiýanyň ugry hem-de alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli pikir alşylmagy üçin şertleriň döredilmegi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......