UNISEF habar beriş serişdeleri üçin onlaýn-duşuşygyny geçirdi

  • 15.02.2021 23:53
  • 4.1k+

Şu gün wideoaragatnaşyk görnüşinde BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) wekilhanasy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurdumyzdaky edarasy bilen bilelikde, habar beriş serişdeleri üçin onlaýn-duşuşygyny geçirdi. Onda ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň meýilnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň gazananlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça habarlary taýýarlamak babatda    žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çärä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda elektron serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärede UNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand çykyş edip, şu günki duşuşygyň meýilnamanyň diňe amala aşyrylmagyny seljermäge däl-de, eýsem, ony geljekde üstünlikli amala aşyrmak hem-de öňüni alyş çärelerini netijeli wagyz etmek üçin  bar bolan serişdeleri jemlemäge mümkinçilik döredýändigini belledi.
Şu günki çäre Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellerine garşy durmaga taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmek boýunça milli meýilnamasynyň bir bölegidir. Bu BSGG-niň hem-de UNISEF-niň wekilhanalarynyň türkmen žurnalistleri bilen bilelikde guraýan üçünji duşuşygydyr we ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmäge bagyşlanyldy. 
Şu günki duşuşygyň esasy meselesi giň jemgyýetçiligiň we ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda maglumatlary ýaýratmagyň netijeli usullary barada žurnalistleriň bilimini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......