Haýsy berhizler saglyga has zyýanly hasaplanylýar?

  • 15.02.2021 23:33
  • 13k+

Berhiz lukmany Irina Pisarewa "RT" bilen geçirilen söhbetdeşlikde saglyga zyýan berip biljek berhizler barada belläp geçdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hünärmeniň pikiriçe, belli bir berhize başlamazdan ozal barlagdan geçmeli, şeýle hem aşgazan-içege traktynda näsazlyklaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaly. Aşgazan-içege ulgamynda kesel barka käbir berhizler saglyga ýaramaz täsir edip biler.
Pisarewa saglyga zyýanly berhizleriň hataryna günüň dowamynda şol bir önümiň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän mono-berhizleri goşdy.

“Yzygiderli şol bir iýmiti iýeniňizde, beden zerur witaminleri we minerallary alyp bilmeýär. Bedeniň gowşap, immunitetiň peselmegi mümkin, adam keselläp biler we energiýasy az bolar"-diýip, Pisarewa belledi.

Smuzini öz içine alýan "detoks berhizlerine" gaty berilmeli däl. Beýle iýmit içege atrofiýasy howpuny döredýär. Sebäbi onuň düzümine garyşyk miweler we gök önümler girýär, onuň netijesinde, içege iýmit siňdirişe energiýa sarp etmegini bes edýär.
Şeýle hem çeşme habar häsiýetli maglumatlary lukmanyň görkezmesi bilen deň derejeli hasaplamaly däldigini, belli bir karara gelmezden ozal hökman hünärmen bilen maslahatlaşmalydygyny ýatladýar.

06.04.2026 11:49
16k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
12k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.8k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......

30.03.2026 11:13
12k+

Hepdelik howa maglumaty: aprel aýy ýagyş bilen gelýär

Türkmenistanda aprel aýy temperaturanyň peselmegi bilen başlar. Meteorologiýa gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji aprel gijesinden 2-nji apreliň säherine çenli ýurduň ähli ýerinde ýagşa garaşylýar,......