Alymlar semizlige garşy örän täsirli derman serişdesini tapdylar

  • 14.02.2021 16:10
  • 20k+

Londonyň Korollyk kollejiniň alymlary semizlige garşy ýokary täsirli täze derman tapdylar. Semaglutid diýlip atlandyrylýan bu derman 2-nji görnüşli süýji keselini bejermekde ulanylýar diýip, rosbalt.ru habar berýär.

Geçirilen synagyň netijesine görä, bu serişde horlanmak üçin niýetlenen beýleki dermanlardan iki esse netijeli bolup çykdy. “Science” teleýaýlymynyň habar berşi ýaly, alymlar synaglaryň netijelerini “New England Medicine” žurnalynda çap etdiler. Synag 16 ýurtdan bolan 2 müň sany semizlikden ejir çekýän meýletinçide geçirildi. Meýletinçileriň käbiri semaglutid sanjymyny, käbirleri bolsa plasebo aldy. Şol bir wagtyň özünde, iki topar hem horlanmaga gönükdirilen kurslary geçdiler.
Synaglaryň ahyrynda, plasebo toparyna gatnaşyjylaryň kliniki taýdan ujypsyz mukdarda agramyny ýitirendigi belli boldy. Emma sanjym alanlarda welin horlanmagyň täsiri has gowy bildirdi. 68 hepde dowam eden bejergiden soň, synaga gatnaşyjylar, ortaça, 14,9% agramyny, toparyň üçden birinden gowragy bolsa 20% agramyny ýitirdi.
Şeýle-de bolsa, bejerginiň käbir ýakymsyz täsirleri hem bar. Semaglutid beýnä edýän täsiri sebäpli işdäni kesýär.
Mundan daşary, horlanmakdan başga-da, gatnaşyjylarda dürli kardiometabolik howp faktorlarynyň azalandygy anyklanyldy.

12.05.2026 15:08
4.5k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.6k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.5k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....