Türkmenistanyň Prezidenti bank ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan etdi

  • 11.02.2021 04:53
  • 30k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirip, bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmaýandygyny berk tabşyrdy.

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň meseleleri boýunça düýn geçiren iş maslahatynda bank ulgamynda goýberilen kemçilikler üçin, “Türkmenistan” we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklarynyň başlyklary M.Hajyýewe hem-de J.Jumagylyjowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi soňky gezek duýdurdy.
Şeýle hem, işde goýberen kemçilikleri üçin Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa, Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramowa, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazowa, “Halkbank” we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň müdiriýetleriniň başlyklary M.Arabowa hem-de T.Täçmuhammedowa berk käýinç yglan edildi.
Şonuň ýaly-da, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýewe, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa käýinç yglan edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediljekdigini we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha beriljekdigini aýtdy.

şu gün 11:05
806

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.4k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......