Bill Geýts pandemiýadan soň adamzat üçin iki sany howp barada aýtdy

  • 09.02.2021 23:18
  • 24k+

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy we eks-ýolbaşçysy Bill Geýts koronawirus pandemiýasy tamamlanandan soň adamzat üçin iki howpuň bardygyny duýdurdy. Bu barada rbc.ru habar berýär.

Geýtsiň aýtmagyna görä, olaryň biri howanyň üýtgemegidir. Onuň pikiriçe, şu sebäpden ölüm derejesi her ýyl ýokarlanar. Işewür bioterrorçylygy adamzat üçin ikinji howp hasaplaýar. 

“Zyýan ýetirmek isleýän kimdir biri wirus döredip biler, bu häzirki ýaly tebigy epidemiýalar bilen deňeşdirilende, munuň bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygynyň ýokarydygyny görkezýär” – diýip, Geýts belledi.

Ýanwar aýynyň ahyrynda telekeçi indiki pandemiýanyň SARS-CoV-2 wirusynyň döredeninden on esse erbet bolup biljekdigini aýtdy.
“Dünýä trillionlary tygşytlamak (we millionlarça ölümiň öňüni almak) üçin milliardlary sarp etmeli. Täze epidemiýalara ýaragly çaknyşyklara ýaly çynlakaý taýýarlanmaly. Saglygy goraýyş pudagyndaky çagyryşlar üçin “dessin jogap” halkara topary ýaly bir zady döretmeli” – diýip, Geýts belledi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......