Belarusdaky talyplaryň 50%-den gowragy Türkmenistanyň raýatlary

  • 08.02.2021 19:01
  • 29k+

2019/2020-nji okuw ýylynda Belarusda dünýäniň 107 ýurdundan 26 müň töweregi daşary ýurt raýaty bilim aldy. Bu barada ýurduň telegraf gullugy habar berdi.

Belarus Döwletine ýaşlaryň aglabasy Türkmenistandan, Hytaýdan hem-de Russiýadan geldi. 5 ýylyň içinde ýurtda daşary ýurtly talyplaryň sany 35 % artdy.
Belarusyň Milli statistika komitetiniň habar bermegine görä, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarynyň sany boýunça birinji orny Türkmenistan eýeleýär - 9788 talyp (2018/2019 okuw ýylynda 7749 talyp). Munuň özi ýurtdaky daşary ýurtly talyplaryň 53,1%-ine barabardyr. Ikinji ýeri russiýaly talyplar eýeleýärler - 1439 talyp. Üçünji orunda 1435 talyby bilen Hytaý ýerleşýär.
Belarus Döwletiniň bilim edaralary dünýäniň 90 ýurdy bilen 4700 şertnamanyň çäginde özara gatnaşyklary alyp barýar. Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda Türkmenistandan Belarusa pul geçirimleri 17 million dollardan geçdi.

düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......