2021-nji ýylyň başynda iň köp ýüklenýän programmalaryň sanawy düzüldi

  • 08.02.2021 03:24
  • 19k+

Sensor Tower analitik kompaniýasy 2021-nji ýylda iň köp ýüklenýän programmalaryň sanawynda Telegram-yň birinji orny eýeländigini belleýär diýip, ctnews.ru habar berýär.

Ýanwar aýynda bu messenjer 63 million gezek gurnaldy. Görkeziji geçen ýylyň degişli döwri üçin statistikadan dört esse ýokarydyr. Uly ösüş Hindistan bilen Indoneziýanyň paýyna düşdi. Sanawda ikinji orny TikTok eýeleýär. Wideoserwis 62 million gezek ýüklenildi. Şol bir wagtyň özünde häkimiýetleriň programmany gadagan etmek synanyşygyna garamazdan, ýükläp almagyň 10 göterimi ABŞ-nyň auditoriýasyna degişli boldy. 
Liderleriň bäşliginde Signal, Facebook we WhatsApp hem bar. Android ulanyjylarynyň arasynda ýükläp almak boýunça sanawda Signal ikinji orny, iOS ulanyjylarynyň arasynda onunjy orny eýeledi.

şu gün 09:33
2

Gazagystanda harby gulluga çagyryş sanly görnüşe geçýär

Gazagystanda 2026-njy ýylyň 4-nji iýulyndan başlap, işleri sanly görnüşe geçirmegi göz öňünde tutýan harby gulluga çagyryşy guramagyň we geçirmegiň täzelenen düzgünleri güýje girýär....

şu gün 08:49
172

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
2k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
2k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......