BSGG: Dünýäde COVID-19-yň ýaýrama depgini gowşaýar

  • 07.02.2021 16:00
  • 18k+

Dünýäde COVID-19 ýaýrawynyň depgini gowşaýar diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hünärmeni Mariýa wan Kerkhowe brifingde habar berdi. Muny iz.ru ýetirýär.

“Biz, hakykatdanam, her gün ýüze çykýan kesel ýagdaýlarynyň azalýandygyny görýäris. Bu, ilkinji nobatda, ýurtlaryň keseliň geçiş zynjyryny üzmek hem-de täze hadysalaryň öňüni almak üçin durmuşa geçirýän çäreleri bilen baglanyşykly” – diýip, ol belledi.
“Sanjymlar hem möhüm roly ýerine ýetirýär, ýöne bu häzirki çäreleri ýatyrmaly diýildigi däldir. Köp ýurtlar üçin örän möhüm döwür geldi. 
Başlanan işi dowam etdirmek we çäklendirmeleri aýyrmaga howlukmaçlyk edilmese gowy” – diýip, wan Kerkhowe sözüniň üstüni ýetirdi.
Kerkhowe täze COVID-19 hadysalarynyň sanynyň azalýan ýurtlaryny sanitariýa çäreleriniň berjaý edilişine gözegçiligi dowam etdirmäge çagyrdy.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......