Türkmenistanyň Prezidenti ulag toplumynyň işine nägilelik bildirdi

  • 07.02.2021 14:48
  • 19k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylaryna, ýagny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu topluma gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowa, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburowa, «Türkmen deňiz we derýa ýollary» agentliginiň başlygy A.Haýytmyradowa berk käýinç yglan etdi. Degişli resminamalara döwlet Baştutany ýurduň ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmeklige bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda gol çekdi.

Berk käýinç degişli ýolbaşçylaryň «wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin» berildi.
Düýn geçirilen iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň 2020-nji ýylda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işiniň netijeleri jemlenildi. Bellenilişi ýaly, toplumyň görkezijileriniň umuman alanyňda ösüşiniň oňyn depgine eýedigine garamazdan, dünýä ykdysady çökgünliginiň täsiri ulag aragatnaşyklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, howa ýollarynyň işine düýpli täsir etdi.
Bu pudaklary goldamak üçin döwlet tarapyndan zerur çäreler görülýär, emma ulag pudagynyň ýolbaşçylaryna täze şertlere uýgunlaşmagyň netijeli usullaryny tapmak zerurdyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda bellenilen çäreleriň alnyp barlyşyna nägilelik bildirdi we bu toplumyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin bar bolan serişdelere ünsi çekdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......