Floýd Maýwezer repçi 50 Sent bilen söweşmäge taýyndygyny mälim etdi

  • 06.02.2021 18:44
  • 18k+

Amerikaly boksçy Floýd Maýwezer repçi 50 Sent bilen söweşmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Maýwezer şu ýyl Tokioda birnäçe görkezme söweşiniň boljakdygyny, şol sanda blogçy Logan Pola garşy söweşjekdigini aýtdy.

"Mundan başga-da, meniň bilen 50 Sentiň söweşmek isleýändigini, ýöne meni gaty kiçi görýändigini eşitdim. Eger-de ol ýylyň ahyrynda ellik geýmek islese, görkezme söweşini geçirip bilerdik"-diýip, sportçy öz Instagram sahypasynda ýazdy.

Ol bu garşydaşlaryň ikisiniň hem agram derejesi barada alada etmeýändigini nygtady.
43 ýaşly Maýwezer 20-nji fewralda Logan Pola garşy söweşmelidi, ýöne söweş yza süýşürildi. Amerikaly boksçy soňky gezek 2017-nji ýylyň awgust aýynda boks düzgünleri bilen irlandiýaly söweşiji Konor MakGregory ýeňdi. Bilşimiz ýaly, Maýwezer ýeke gezek hem ýeňilmedik boksçy hasaplanylýar. Onuň hasabynda 50 ýeňiş (27 nokaut) bar.

şu gün 23:28
120

NPJ: Plastik çäýnekler mikroplastikleriň bedene düşmegine sebäp bolýar

Awstraliýaly alymlar plastik çaýnekleriň suw gaýnadylanda millionlarça mikro we nanobölejikleri bölüp çykaryp biljekdigini anykladylar....

şu gün 23:15
270

Baffet we Stefen Karri bilen agşamlyk nahary auksionda 9 million dollara satyldy

Meşhur maýadar Worren Baffet we basketbolçy Stefen Karri bilen bilelikde agşamlyk edinmek mümkinçiligi haýyr-sahawat auksionynda 9 million dollara satyldy. Söwdalaşyk eBay platformasynda geçirildi, ýöne......

şu gün 23:09
193

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

şu gün 21:42
1.4k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......