TikTok nädogry maglumatlaryň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin täze funksiýa girizer

  • 05.02.2021 13:24
  • 9.2k+

TikTok şübheli ýa-da nädogry maglumatlaryň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin täze funksiýa eýe bolar diýip, sosial ulgam habar berýär. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

TikTok-da düşündirilişi ýaly, neşir edilýän wideolaryň dogrulygy ýörite hünärmen hyzmatlary tarapyndan barlanýar. Eger-de olar nädogry maglumaty tassyklasalar, mazmun platformadan aýrylýar.
TikTok moderatorlaryň saýlawlar, sanjymlar we howanyň üýtgemegi ýaly mowzuklardaky wideolaryň dogrulygyny barlaýandygyny belleýär. Täze funksiýa geljek hepdelerde işläp başlar. Ol ilki bilen ABŞ-da we Kanadada işe giriziler.
Täze funksiýanyň peýda bolmagy bilen, eger hünärmenler maglumatlaryň anyklygyna ynamsyz bolsalar ýa-da olaryň dogrulygyny tassyklap bilmeseler, TikTok şeýle wideolary “barlanylmadyk mazmuny” saklaýan görnüşinde bellär. Bu barada wideonyň awtorlaryna habar berler we olara maglumaty anyklaşdyrmak teklip ediler.
Şeýle mazmun bilen paýlaşmakçy bolanda, ulanyjylar wideonyň tassyklanmadyk mazmuny we paýlaşmakdan ýüz öwürmek ýa-da dowam etdirmek teklibi barada duýduryşy görerler. 
Funksiýa barlagdan geçirilende tassyklanmadyk mazmunly wideo paýlanmalarynyň sanynyň 24 göterim, olaryň aşagyndaky “haladym"-laryň sanynyň ýedi göterim azalandygy bellenilýär.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......