Türkmenistan migrasiýa boýunça milli strategiýasyny işläp düzýär

  • 05.02.2021 08:07
  • 20k+

Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky bilermenleri 2021-nji ýyl üçin bellenilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. 

Duşuşyga türkmen tarapyndan Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 
Maslahatyň barşynda 2020-2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasynyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada aýtdylar. 
Maslahatyň dowamynda migrasiýa boýunça milli strategiýanyň taslamasyny taýýarlamagyň, bu ugurda görkezijileri ýygnamagyň we olary seljermegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. 
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilleri dünýäniň dürli ýurtlarynda alyp barýan barlag işleriniň birnäçe möhüm ugurlary, şol sanda migrasiýa ulgamyndaky meýiller we migrasiýa hakyndaky maglumatlar, halkara migrasiýa kanunçylygy, migrasiýa we ösüş, saglygy goraýyş we migrasiýa, bosgunlaryň bikanun getirilmegine garşy göreş, zähmet migrasiýasy, halkara söwda we beýlekiler ýaly wajyp ugurlary öz içine alýar. 

düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......