Türkmenistanyň mekdepleriniň 97,8%-inde multimediýa ulgamlary ornaşdyryldy

  • 04.02.2021 11:31
  • 9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2020/2021-nji okuw ýylynda interaktiw multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan mekdepleriň sanyny jemi sanyň 97,8%-ine ýetirdi. Bu maglumatlary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti getirýär.

Ýokary tehnologiýaly enjamlara umumy elýeterlilik mekdep okuwçylaryna ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalary arkaly bilim almaga mümkinçilik berýär. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň tutuş ilatynyň arasynda, şol sanda oba ýerlerinde-de kompýuter sowatlylygynyň ep-esli ýokarlanmagyna getirer.
2011-2012-nji okuw ýylynda mekdepleriň diňe 22,2 %-inde multimediýa enjamlary oturdylan bolsa, 10 ýyldan gowrak wagtyň içinde umumybilim edaralarynyň bilim prosesinde maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy 3,7 esse artdy.
Mekdep okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmekde hem uly öňe gidişlikler gazanyldy. Statistiki maglumatlara görä, Türkmenistandaky mekdepleriň 99,8 %-inde rus dili, 98,8%-inde iňlis dili öwredilýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň dürli orta mekdeplerinde pars, nemes, fransuz, hytaý, arap, ýapon, koreý, italýan dillerini öwretmek göz öňünde tutulan.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......