Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň işine nägilelik bildirdi

  • 03.02.2021 22:15
  • 14k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny ösdürmek boýunça şu gün geçiren iş maslahatynda obasenagat toplumy boýunça Esenmyrat Orazgeldiýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Şeýle hem oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Magtymguly Baýramdurdyýewe wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa käýinç yglan etdi.
Belläp geçsek, iş maslahatynyň barşynda oba hojalyk pudagynyň 2020-nji ýyl boýunça jemleri jemlenildi. Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi we ýolbaşçylara degişli görkezmeleri berdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......