Ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan edildi

  • 03.02.2021 07:58
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça sişenbe güni geçiren iş maslahatynyň barşynda toplumyň işine nägilelik bildirip, degişli ýolbaşçylara berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän düzümleri boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.

17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...