Ýer ýüzüniň iň myhmansöýer ýerleriniň sanawy düzüldi

  • 02.02.2021 21:14
  • 17k+

Hünärmenler “Traveller Review Award 2021” baýragyny paýlamagyň esasynda Ýer ýüzündäki iň myhmansöýer on ýeriň sanawyny düzdüler. Baýraklar myhmanlaryň millionlarça synlary gözden geçirilenden soň berildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Taýdun uýezdi, Taýwan. Bu Taýwanyň gündogar kenarynda daglar we umman bilen gurşalan, sebitdäki iň öwrenilmedik ýerdir. Syýahatçylar ýerli medeniýetiň dürlüligine haýran galarlar: bu ýerde köp sanly taýpalar ýaşaýar we olaryň her biri gadymy däp-dessurlary bilen bellidir.

Preşow sebiti, Slowakiýa. Dag landşaftlary bilen bu sebit, pyýada gezelenç etmegi we gyş möwsüminde lyžada hem-de snoubordda typmagy gowy görýän, başdan geçirmeleri gözleýänler üçin diýseň gowy ýer. Bu sebit Slowakiýa dag gerşiniň demirgazyk ulgamyndaky Beýik Tatrlary bilen meşhurdyr. 

Tasmaniýa, Awstraliýa. Awstraliýanyň Tasmaniýa ada ştaty ýabany tebigaty we owadan peýzažy bilen meşhur. Ýagyş tokaýlary meýdanyň 40 göterimden gowragyny eýeleýär, olaryň ýarysyna golaýy milli seýilgählere degişlidir. Bu sebitde ýaşaýan hoşniýetli adamlar kadaly durmuş ýörelgesini alyp barýarlar, şonuň üçin syýahatçylar özlerini öýlerinde ýaly duýup bilerler.

Kenterberi, Täze Zelandiýa. Kenterberi – Täze Zelandiýanyň iň uly sebiti, Günorta adanyň merkezinde ýerleşýär we ýabany kenarýakalary, kölleri, üzümçilikleri we daglary bilen tanalýar. Kenterberini Günorta Alp daglaryndan geçýän otly arkaly öwrenmek has gowudyr, syýahatçylar olaryň iň beýik depelerini, Kuka ýa-da Aoraki dagyny synlap bilerler.

Täze Şotlandiýa, Kanada. Täze Şotlandiýanyň kenaryny Atlantik ummany ýuwýar. Kanadanyň bu böleginde balykçy şäherler, owadan maýaklar we gyzyl gaýalar köp, bu ýer kenarýaka dynç alşy üçin ajaýyp ýerdir.

Ýokarky Awstriýa, Awstriýa. Ýokarky Awstriýa federal ýeri ýurduň demirgazygynda ýerleşýär we Germaniýa hem-de Çehiýa bilen serhetleşýär. Bu sebit owadan ýaşyl baýyrlary we Ýewropadaky ikinji uzyn derýa – Dunaý bilen meşhurdyr. Gyşda bu ýer lyža sporty üçin örän amatly bolýar.

Çubut, Argentina. Çubut – Argentinanyň günortasyndaky, Andlaryň we Atlantik ummanynyň arasynda ýerleşen welaýat, şonuň üçin syýahatçylar dagda hem, kenar ýakasynda hem lezzet alyp bilerler.

Libertador-Heneral-Bernardo-O’Higgins, Çili. Libertador-Heneral-Bernardo-O’Higgins sebiti gündogarda Argentina, günbatarda Ýuwaş ummany bilen serhetleşýär. Bu milli gahryman we “Çiliniň atasy” Bernardo O’Higgins Rikelmeniň hormatyna atlandyrylan, örän owadan we dürli öwüşginli sebit.

Aýowa, ABŞ. Aýowa ştaty Missuri we Missisipi derýalarynyň arasynda, ABŞ-nyň merkezinde ýerleşýär. Bu ýerde özboluşly sähralar, ýabany tebigat, fermalar we gadymy obalar bar. Derýalarda gaýykda we kanoede ýüzmek, balyk tutmak, sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak bolýar.

Minas-Žeraýs, Braziliýa. Minas-Žeraýs – Braziliýanyň günorta-gündogarynda ummana çykalgasyz uly ştat. Ol wagty saklanan diýen ýaly kolonial şäherleri bilen bellidir. Bu ýerde taryhy binalar saklanyp galypdyr, köp ilatly nokatlar bolsa depelerde gurlupdyr.

02.04.2026 15:27
4k+

Dünýäniň iň meşhur muzeýleri mälim edildi: Luwr enteg-ä eýgerdenok

Parižiň Luwr muzeýi 2025-nji ýylda dünýäniň iň gelim-gidimli muzeýi adyny saklap galdy. Muny «The Art Newspaper» neşiriniň geçiren barlaglarynyň maglumatlary delillendirýär....

31.03.2026 13:58
3.5k+

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde Elzanyň buzly köşgi bilen Erendell şäheri guruldy

Parižiň «Disneyland» seýilgähinde 2 milliard ýewrolyk giň gerimli üýtgedip gurmak işleriniň bir bölegi bolan «Doňan ýüregiň dünýäsi» atly täze tematik zolak açyldy. Bu barada «Associated Press» agentligi habar......

26.03.2026 14:42
11k+

Dünýäniň iň gowy howa menzilleri we awiakompaniýalary saýlandy

Skytrax britan konsalting kompaniýasy we AirlineRatings.com halkara portaly dünýäniň iň gowy howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Bu barada reýtingi düzenleriň resmi......

26.03.2026 13:56
1.6k+

Britaniýa syýahatçylyk we talyp wizalarynyň bahasyny galdyrar

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden başlap, Beýik Britaniýa ýurda girmek üçin zerur bolan wizalaryň köpüsi üçin tölegleri ýokarlandyrar. Bu barada Birleşen Korollygyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda......