Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylaryň lybaslarynyň nusgalaryny gözden geçirdi

  • 02.02.2021 08:39
  • 35k+

1-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen Lideri harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. 
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslar ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuşy we gulluk etmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......