Uzak aralykdan işlemek saglyga ýaramaz täsir edip biler

  • 31.01.2021 11:38
  • 5.4k+

Uzak aralykdan işlenilende fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi zerarly käbir keselleriň beterleşmek ähtimallygy bar. Az hereketlilik artykmaç agramyň döremegine getirýär. Immun ulgamynyň ýagdaýy hem ýaramazlaşýar, netijede dürli keseller bilen keselleme howpy ýüze çykýar. Bu barada solovei.info belleýär.

Uzak aralykdan işlemeli bolanda iş ýeriňi dogry saýlap almaly. Diwanda ýa-da krowatda oturyp, noutbukda işlemek kähalatlarda osteohondrozyň döremegine getirýär. Şonuň üçin ýygy-ýygydan hereket etmeli we myşsalary tonusda saklamaly. Öýde adamlar, köplenç, adatdakysyndan has köp işleýärler, bu bolsa, öz gezeginde, adam saglygyna täsirini ýetirýän dartgynlylygyň we stresiň ýüze çykmagyna getirýär.
Uzak aralykdan işläniňde yşyklandyryş dogry gurnalmaly. Ýagny, sanlaryň gowy görünmegi üçin ýagtylygyň çep tarapdan bolmagy zerurdyr. Mundan başga-da, kompýuterde işlenilende her ýarym sagatdan özüňe dynç bermeli. Beden sagdyn işlär ýaly az-kem gezmelemeli, suw içmeli.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......