«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 28-nji fewrala çenli uzaltdy

  • 30.01.2021 16:41
  • 35k+

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýa Federasiýasyndaky wekilhanasy COVID-19 pandemiýasy hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygy zerarly awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli (28-nji fewral degişli) ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär.

Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we çalyşmak üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Habar berlişi ýaly, syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde petegini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......