Türkmenistanda Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy döredildi

  • 30.01.2021 15:16
  • 16k+

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy. Şeýle hem onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berer.
Bu resminama gymmat bahaly metallaryň we gymmat bahaly daşlaryň dolanyşygy bilen baglanyşykly işleriň guralyşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......